Musawi:ýadro ylalaşygyndan aýry meseleleriň öňe sürülmegi bu ylalaşyga kömek etmez
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abba Musawi Fransiýanyň prezidenti Emanuel Makeronyň Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň duşuşygynda aýdan gürrüňlerine gaýtawul görkezip beýleki meseleleriň öňe sürülmegi ýadro ylalaşygyň iş maslahatyna hiç hilli kömegi etmez diýip nygtady.
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abba Musawi Amerikayň ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan çykmagyndan gyraga çekilmeginden soň Ýewropa ýurtlary bu ylalaşykda öz paýlaryna düşen borçlara amal etmegiň deregine diňe beýannama beren boldylar diýmek bilen indi Ýewropalylaryň ýadro ylalaşykda bolmadyk meseleleri meseleleri öňe sürmekleri bu ylalaşygy goramaklyga hiç hilli kömeki etmez eýsem taraplaryň arasyndaky düşünşmezlikleri artdyrar diýip beýan etdi.
ýadro ylalaşygyň iş maslahatyna gol çeken Fransiýanyň prezidenti düýn Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň duşuşygynda Pariž bilen Waşington Eýran barada bir meňzeş maksatlary yzarlaýandyrlar dimek bilen ýadro ylalaşygyň bentlerini açyklamak üçin täze söhbetdeşlikleriň geçirilmegini nygtady.
Tramp bu duşuşykda Eýrana garşy öňki toslamalaryny we aýyplamalaryny gaýtalap Eýranyň ýadro yaragy bolmaly däldir diýdi.
Trampyň bu toslamalary bir ýagdaýdadyr welin halkara atom energiýasy agentligi özüniň 15 gezek hasabatynda Eýranyň ýadro işleriniň parahatçylyklydygyny nygtandyr.