Hatami: Eýranyň ýokary harby kuwatlylygy duşmany her hili hereketden alyp galandyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5365-hatami_eýranyň_ýokary_harby_kuwatlylygy_duşmany_her_hili_hereketden_alyp_galandyr
Eýranyň goranmak ministri , Eýran Yslam respublikasynyň ýokary goranyş we harby gudraty babatly , duşman her hili harby el gatmaklyga milt edip bilýän däldir diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 08, 2019 14:33 Asia/Ashgabat
  • Hatami: Eýranyň ýokary harby kuwatlylygy duşmany her hili hereketden alyp galandyr

Eýranyň goranmak ministri , Eýran Yslam respublikasynyň ýokary goranyş we harby gudraty babatly , duşman her hili harby el gatmaklyga milt edip bilýän däldir diýdi.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä emir sertip Amir Hatami Eýran Yslam respublikasynyň gudratynyň berkidilmegini , howplara garşy göreşilmegi üçin harby strategiýanyň iň möhüm özeni yglan edip, aggalyk etmegi isleýän düzgüniň Eýrana garşy bolup duşmançylyk etmegi , Eýranyň syýasy düzgüniniň yslam respublikasy bolup her hili agalyk etmegi we uly gudratlara bakna bolmaýanlygy üçindir diýdi.

Eýranyň goranmak ministri emir sertip Amir Hatami DAEŞ ýaly terrorçy toparlaryň Siriýa bilen Yraga hüjüm etmeklerine yşarat edip günbatarlylar ylaýtada Amerikalylar bilen DAEŞ-iň sebitleýin hemaýatçylary şeýle köp maddydyr magnawy hemaýatlar bilen bu terrorçy jenaýatlaryň aňsatlyk bilen dargamaklaryna pikir etmändiler diýdi.