Eýran bilen Türkiýäniň prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegini nygtadylar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5368-eýran_bilen_türkiýäniň_prezidentleri_ikitaraplaýyn_gatnaşyklaryň_ösdürilmegini_nygtadylar
Eýran bilen Türkiýäniň prezidentleri Tehran-Ankaranyň gatnaşyklarynyň ösdürlip öňkilerdende köpräk çuňlaşdyrylmagy ýolynda iki ýurdyň jogapkärleriniň hümmet edip bar bolýan potesilallardan haýyrlanmakda yradalydyklaryny nygtadylar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 08, 2019 16:54 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Türkiýäniň prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegini nygtadylar

Eýran bilen Türkiýäniň prezidentleri Tehran-Ankaranyň gatnaşyklarynyň ösdürlip öňkilerdende köpräk çuňlaşdyrylmagy ýolynda iki ýurdyň jogapkärleriniň hümmet edip bar bolýan potesilallardan haýyrlanmakda yradalydyklaryny nygtadylar.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani şu gün Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň telefon arkaly söhbetdeşliginde oraza baýramyny bu ýurdyň döwletidir milletine gutlap, yslam dünýäsiniň gudratly we täsir galdyryjy ýurt höküminde bolýan Eýran bilen Türkiýäniň gatnaşyklarynyň we hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegi , sebitde durnuklylyk we howpsuzlygyň ösmeginde ähmiýetlidir diýdi.

Ruhani, Sudan, Liwiýa, Ýemen we Owganystan ýaly ýurtlarda ilatyň gyrana berilmekleriniň dowam etmeginden gynanç bildirip Eýran bilen Türkiýe bir-birleriniň ýanynda bolup beýleki dogan we dost ýurtlaryň hem hyzmatdaşlyk etmekleri bilen , şeýle gynandyryjy we howply baryşa soň berip sebitiň we yslam dünýäsiniň kynçylyklaryny gowylyk bilen çözüp bilýärler diýip sözlerine goşdy.