Larijani: Eýranlylar Amerikanyň basyşlarynyň garşysynda durandyrlar
Eýranyň mejlis başlygy , Amerikalylaryň gadaganlyklar arkaly Eýrana aňrybaş agramy bermegiň yzyndadyklaryny aýdyp, Eýranlylar,gysyşlaryň garşysynda çydam görkezçärler diýdi.
mejlisiň habarlar gullugynyň beren habaryna görä Ali Larijani şu gün Tehranda Serbiýanyň parlamentiniň daşary gatnaşyklar komissiýasynyň başlygy Žarko Obradowiçiň duşuşygynda beren gürrüňlerinde Amerikanyň agalygy astynda bolan ýurtlaryň gowy ykballary bolan däldir we uzak wagtda köp harajat berýärler diýdi.
Serbiýanyň parlamentiniň daşary gatnaşyklar komissiýasynyň başlygy Žarko Obradowiç hem bu duşuşykda beren gürrüňlerinde Eýran bilen Serbiýanyň köpugurlardaky gatnaşyklarynyň ösdürilmegini nygtap bu iki ýurt dürli kompaniýalary gurmak bilen ykdysady gatnaşyklaryny ösdürip bilýärler diýdi.