Ýaponiýanyň premýer ministri Eýranyň prezidenti bilen duşuşdy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5376-Ýaponiýanyň_premýer_ministri_eýranyň_prezidenti_bilen_duşuşdy
Ýaponiýanyň premýer ministri Şinzo AbeTehraniň Sadabat medeni we taryhy toplumynda Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani bilen duşuşyp gürrüň etdi.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
Jun 12, 2019 17:45 Asia/Ashgabat
  • Ýaponiýanyň premýer ministri Eýranyň prezidenti bilen duşuşdy

Ýaponiýanyň premýer ministri Şinzo AbeTehraniň Sadabat medeni we taryhy toplumynda Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani bilen duşuşyp gürrüň etdi.

Ýaponiýanyň premýer ministri Şinzo Abe bilen Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani  bu duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi hemde sebit we halkara derejesindäki möhüm meseleler barada pikir alyşdylar.

bu duşuşykdan soňra iki ýurdyň syýasy we ykdysady toparlary Ýaponiýanyň premýer ministri Şinzo Abe bilen Eýranyň prezidenti Hasan Ruhaniň ýolbaşçylygyndaky gepleşikleri başlanjakdyr.

ýokary derejeli bir topara ýolbaşçylyk edip Tehrana sapar eden Ýaponiýanyň premýer ministri Şinzo Abe penşenbe güni Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri bilen duşuşyp gürrüň etjekdir.