Oman deňizinde hadysa uçran iki gämä Eýran kömek etdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5389-oman_deňizinde_hadysa_uçran_iki_gämä_eýran_kömek_etdi
Eýranyň Hormozgan welaýatynyň ýurtlar we deňiz ýollar guramasynyň umumy gatnaşalgalar bölüminiň müdiri Adham Rezwani Oman deňizinde nebit çekýän iki gäminiň hadysa uçramaklaryndan soňra Hormozganyň deňizlik dede ýetiriji merkezi bu gäminiň içindäki 44 adamy halas edip olary Eýranyň günortasynda ýerleşen jask portyna geçirdi diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 13, 2019 14:23 Asia/Ashgabat
  • Oman deňizinde hadysa uçran iki gämä Eýran kömek etdi

Eýranyň Hormozgan welaýatynyň ýurtlar we deňiz ýollar guramasynyň umumy gatnaşalgalar bölüminiň müdiri Adham Rezwani Oman deňizinde nebit çekýän iki gäminiň hadysa uçramaklaryndan soňra Hormozganyň deňizlik dede ýetiriji merkezi bu gäminiň içindäki 44 adamy halas edip olary Eýranyň günortasynda ýerleşen jask portyna geçirdi diýip yglan etdi.

Omanyň ýerli habar çeşmeleri şu gün ertir bilen nebit çekýän iki gäminiň urlandygyny habar berdiler.

Adham rezwani tele-radio habarlar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde bu iki gäminiň Eýranyň Jask portynyň 25 we 28 mailinda ýangyn hadysasyna uçrandyklaryny habar bermek maksady bilen bu gämileriň birisi Marşal aýlaklaryň ýene birisi hem Panamanyň baýdagy bilen hereket edýärdi diýip yglan etdi.

Marşal Aýlaklaryň baýdagy bilen hereket edýään gämi kataryň Ruýas portyndan Taýwana tarap barýardy we panamanyň baýdagy bilen hereket edýän gämi hem ASrabystandan metanol ýükläp Singapur ýurdyna tarap barýardy diýip Eýranyň Hormozgan welaýatynyň ýurtlar we deňiz ýollar guramasynyň umumy gatnaşalgalar bölüminiň müdiri Adham Rezwani sözüne goşdy.