Helga Şmid bilen Yragçyň Tehranda duşuşygy
Eýranyň daşary işler ministriniň syýasy işler boýunça ýokary derejeli kömekçisi bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň jogapkäriniň orunbasary Tehranda duşuşyp gürrüň etdiler.
Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Eýranyň daşary işler ministrliginiň jogapkärleri bilen duşuşmak niýeti bilen Tehrana sapar eden Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň jogapkäriniň orunbasary Helga Şmid şu gün Eýranyň daşary işler ministriniň syýasy işler boýunça ýokary derejeli kömekçisi we ýadro gepleşiklerinde Eýranyň ýokary derejeli wekili bolan Seýed Abbas Yragçi bilen duşuşyp oň bilen maslahatlaşdy.
Şmid bilen Yragçi bu duşuşykda ýadro ylalaşygyň soňky ýagdaýy,Amerikanyň Eýrana garşy ýola berip duran gadaganlyklary hem-de ýadro ylalaşygy esasynda Eýranyň özüniň käbir jogapkärçiliklerini ýatyrmagy barada gürrüň edip pikir alyşdylar.
Şmid bilen Yragçiň duşuşygyndan aýry Eýran bilen Ýewropa Bileleşiginiň ekspertler derejesinde hem gepleşikler geçirilýändir.