prezident Ruhani:Eýran terrorizmiň ýaýramagynyň öňünde böwet bolandyr
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani Siriýa we Yrak ýurtlarynda Eýranyň takfiri terrorizmiň öňüni almakda oýnan rolyna yşarat edip Eýran terrorizmiň dünýä ýaýramagynyň öňünde böwet bolandyr diýip yglan etdi.
Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün Täjigistanyň paýtagty Duşenbede Aziýanyň garşylykly ynamlar boýunça arkalaşyklar konferensiýasynyň ýa-da şol SIKA-yň başlyklar maslahatynda beren gürrüňlerinde häzirki ýyti ýagdaý üçin SIKA agza ýurtlaryň parasatly hereket edip birek birege ýakynlaşmak syýasaty öňe sürmelidirler diýip beýan etdi.
Tehran hemmeleriň howpsuzlygy ugurynda iki taraplaýyn ýa-da näçe taraplaýyn çäreleri düzmekde özüniň arkalaşmaga taýýarlygyny ençeme gezek yglan edendir diýip prezident Ruhani sözlerine goşdy.
Eýranyň döwlet baştutany şeýle-de Palestinanyň uzaga çeken kynçylygyny durmuşda sebitde we jahanda zorlukly hereketleriň we durnuksyzlygyň sebäpkäri hasaplamak bilen halkara köpçüliginiň Sionist režiminiň bikanun işleriniň,hem-de Amerikanyň ilçihanasyny Kudus şäherine geçirmek baradaky bikanun işleriniň garşysynda parhsyz bolmagy bu dartgynlylygy adalata laýyk we hemme taraplaýyn çözmekligi kynçylyga salandyr diýip beýan etdi.
prezident Ruhani şu gün Kataryň emiri,Türkiýäniň prezidenti we Owganystanyň milli birleşik döwletiniň ýerine ýetiriji başlygy bilen hem duşuşyp dürli meseleler barada gürrüň etdi.
Aziýanyň garşylykly ynamlar boýunça arkalaşyklar konferensiýasynyň 5-nji başlyklar maslahaty şu gün Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilip başlandy.