Zarif; Eýranyň işjeň diplomatiýasy dowam edýär
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif, Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhaniň, Gyrgyzystan we Täjigistan ýurtlaryna bolan saparlarynyň netijesini açyklap , Eýranyň işjeň diplomatiýasy henizem dowam edýär diýdi.
Muhammet Jawad Zarif, prezident hasan Ruhani, Täjigistanyň paýtagty Duşenbede bu ýurt bilen Türkiýäniň prezidentleri şeýle-de Kataryň emiri bilen gowy duşuşyklary geçirdi we şol duşuşyklarda sebit we halkara möhüm meseleler şol sanda Amerikanyň Eýrana garşy birtaraplaýyn gadaganlyklary barada gürrüň edildi diýip twitter sahypasynda ýazdy.
Eýranyň ýokary derejeli toparynyň, Owganystanyň prezidenti we kabul döwletiniň ýerine ýetiriji başlygy bilen geçiren duşuşygynda hem taraplar Owganystanda parahatçylygyň berkarar bolmagy dogrusyndaky tagallalaryň dowam etmegini nygtap ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine goldaw berýändiklerini yglan etdiler diýip Zarif sözüne goşdy.