Kamalwandi:Eýranyň öndürýän urany ýene 10 günden 300 kg-dan geçer
Eýranyň atom energiýasy guramasynyň metbugat wekili ýadro ylalaşygyň iş maslahatyny durmuşa geçirmekde Ýewropalylaryň öz wezipelerinde tapylmazlyklaryna yşarat edip Eýran öndüren urany ýene 10 günden yglan bolan şol 300kg-an geçer diýip beýan etdi.
şu gün Eýranyň atom energiýasy guramasynyň metbugat wekili Behruz Kamalwandi habarçylaryň arasynda Eýranyň ýadro ylalaşykdaky özüniň käbir borçlaryny ýatyrmakda ýola beren işlerini açyklap Eýranyň öndürýän urany 4 esse bolandyr,Eýranyň jogapkärleri buýruk beren ýerlerinde atom energiýasy guramasy özüniň öndürýän uranyny mundan hem geçirmäge taýýarlykdan paýlydyr diýip yglan etdi.
Kamalwandi şeýle-de 300 kg-dan soň Eýranyň öndürjek uranynyň derejesi ýüze 3 bütin 67-den geçip ýüze 20 ýetmegini mümkin bildi.
Eýranyň atom energiýasy guramasynyň metbugat wekili sözüniň dowamynda Tehranyň amala aşyrýan işleriniň ýadro ylalaşygynyň 26-nji we 36-nji bentleri esasyndadygyna yşarat edip ýadro ylalaşygyň goralmagy Ýewropa ýurtlaryna möhüm bolýan bolsa ony goramak ugurda köpräk tagalla etmelidirler diýdi.
şol bir wagtda Keremlin köşkiniň metbugat wekili Dimitri Peskow Kamalwandiniň sözleri bilen baglanşykda aýdan gürrüňlerinde Orsýetiň garaýyşyndan Eýran ýadro ylalaşygynda öz paýyna düşýän borçlary ýerine ýetirip bu ylalaşyga jogapkär çemeleşendir diýip yglan etdi.
Peskow şeýle-de Eýranyň ýadro ylalaşygy aýak aşaga salmagy baradaky Amerika we Sionist jogapkärleriniň toslamalarynyň gaýtawulynda halkara atom energiýasy agentliginiň hasabatlary Eýranyň ýadro ylalaşyga ykrarlydygyny mälim edýändir diýdi.