Bageri:Eýranyň ýaragly güýçleri duşmanlaryň hereketlerini dykgat bile göz astyna alyp durandyrlar
Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştapynyň başlygy serleşker Muhammet Bageri Eýranyň ýaragly güýçleri duşmanlaryň bütin hereketlerini göz astyna alyp durandyrlar diýdi.
serdar serleşker Bageri Oman deňizinde nebit çekýän iki gäminiň şeýle-de Birleşen Arap Emirlikleriň Fojaýre portynda bir näçe gäminiň partladylmagy bilen baglanşykda Amerikanyň aýdýan gürrüňlerine gaýtawul berip Eýranyň ýaragly güýçleri dykgat bilen duşmanlaryň bütin hereketlerini göz astyna alyp gelýändirler diýip yglan etdi.
Eýran Pars aýlagyndan nebit geçirjek däl diýse bu meseläni açaçan yglan eder we Amerika hem-de onuň sebitdäki ýarany ýaly hilebazlykly we ýaşryn işlere baş goşmaz diýip serleşker Bageri aýtdy.
geçen penşenbe güni Oman deňizinde nebit çekýän iki gämiň partladylmagynyň yzy bilen Amerikanyň daşary işler ministri Mike Pompeo hiç hilli senedi ileri sürmezden bu hadysada eýranyň eli bardyr diýip toslady.
Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştapynyň başlygy sözüniň dowamynda bu günki gün Eýranyň Amerika ýaly ähdi ýalan we ykrarynda durmaýan duşman bilen ýüzbe ýüzdigine yşarat edip Eýran bu günki gün namartlarça ykdysady uruşy ýola berýän Tramp atly täze Saddam bilen ýüzbe ýüzdir diýdi.