serleşker Salami:Amerikanyň syýasatlarynyň garşysynda ýeke täk ýeňiş ýoly çydamdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5410-serleşker_salami_amerikanyň_syýasatlarynyň_garşysynda_ýeke_täk_ýeňiş_ýoly_çydamdyr
Yslam Ynkylabynyň Sepah Pasdaran güýjüniň serkerdesi Amerikanyň alyp barýan syýasatlarynyň garşysynda ýeke täk ýeňiş ýoly çydam hasaplamak bilen ýeňiş ýakyndyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 19, 2019 10:32 Asia/Ashgabat
  • serleşker Salami:Amerikanyň syýasatlarynyň garşysynda ýeke täk ýeňiş ýoly çydamdyr

Yslam Ynkylabynyň Sepah Pasdaran güýjüniň serkerdesi Amerikanyň alyp barýan syýasatlarynyň garşysynda ýeke täk ýeňiş ýoly çydam hasaplamak bilen ýeňiş ýakyndyr diýdi.

Yslam Ynkylabynyň Sepah Pasdaran güýjüniň serkerdesi serdar serleşker Hosýin Salamy öten agşam beren gürrüňlerinde jahanda Amerikanyň alyp barýan syýasatlarynyň şowsuzlyga uçranlygyna yşarat edip bu günki gün Eýran Yslam Respublikasy her bir zamandan kuwwatlyrak duşmanlar bilen söweşýändir we bu bolsa Eýranyň musulman milletiniň milli,ynkylaby we yslamy kimliginden gözbaş alýandyr diýdi.

serleşker Hosýin Salamy şeýle-de soňky aýlarda Amerikalylaryň media serişdelerinde Eýrana garşy haýbat atmalaryna yşarat edip indi Amerikalylaryň bu haýbat atmalarynyň içi boşdygy we olaryň elinden zat gelmeýänligi hemmelere aýan bolandyr diýip yglan etdi.

Yslam Ynkylabynyň Sepah Pasdaran güýjüniň serkerdesi sözüniň dowamynda Amerikalylar uguryny çaşyryp barýandyrlar we Eýranyň duşmanlary alyp barýan netijesiz syýasatlaryndan ýadandyrlar diýmek bilen Amerikanyň zor aýtmak asry hem gutarandyr diýdi.