prezident Ruhani:Amerikanyň Eýran milletine garşy edýän işleri adam zada garşy jenaýatdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5413-prezident_ruhani_amerikanyň_eýran_milletine_garşy_edýän_işleri_adam_zada_garşy_jenaýatdyr
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Amerika döwletiniň Eýran milletiniň tersine edýän işlerini ykdysady terrorizm we adam zada garşy bolan bir jenaýat hasaplady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 19, 2019 12:04 Asia/Ashgabat
  • prezident Ruhani:Amerikanyň Eýran milletine garşy edýän işleri adam zada garşy jenaýatdyr

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Amerika döwletiniň Eýran milletiniň tersine edýän işlerini ykdysady terrorizm we adam zada garşy bolan bir jenaýat hasaplady.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani şu gün döwlet toparynyň maslahatynda beren gürrüňlerinde Amerikanyň Eýran milletiniň tersine ýola berýän işlerini gadaganlyklardan aşa bilmek bilen Amerika döwleti Eýranyň tersine ykdysady terrorizme baş goşandyr oňa görä taryhda Eýran milletine we halkara köpçüligine jogap bermelidir diýip beýan etdi.

prezident Ruhani Amerika özüniň amala aşyran işleri bilen Eýrany dünýä derejesinde çetleşdirip bilen däldir diýmek bilen eýsem Amerika döwletiniň hut özi çetleşendir we durmuşda dünýäň hemmesi Amerikanyň bir taraplaýyn syýasatlary bilen tersleşip durandyr diýip yglan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Amerikanyň häzirki döwletiniň yklymyň üýtgemegi,pasifik we nafta ýaly halkara we köp taraplaýyn ylalaşyklardan çykmagyna yşarat edip Amerikalylar bu alyp barýan ýollary bilen hiç ýere ýetmezler diýip ynam bildirdi.

biziň bellän 60 günümizden soň ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky biziň bähbitlerimiz üpjün edilmese biz şol möhlet gutarany soň täze işleri ýola bereris diýip preziden Ruhani aýtdy.