ýolbaşçylygyň hubralar mejlisi:kesekileriň elgatyjylykly hereketleriniň garşysynda Eýran kuwwatlylyk bilen durýar
ýolbaşçylygyň hubralar mejlisi bir beýannama boýunça Eýran hiç bir uruşy başlaýan tarap boljak däldir emma kesekileriň elgatyjylykly hereketleriniň garşysynda Eýran kuwwatlylyk bilen durýar diýip yglan etdi.
ýolbaşçylygyň hubralar mejlisi ýaňky beýannamada Amerikanyň içalylyk uçarmansyz uçarynyň Eýranyň serhetlerine girmegini ýazgaryp şol uçarmansyz uçaryň, Eýran arkaly urulyp ýere gaçyrylmagy, Eýranyň ýaragly güýçleriniň howa goranyş senagatynyň kuwwatlylygynyň bir bölegini görkezmekden aýry , Amerika üçin hem ýatlaryndan çykmajak bir sapak we biabraýçylyk bilen ýeňilmegidir diýip yglan etdi.bu meseläniň hukuky taýdan halkara derejesinde yzarlanylmagy we Amerika döwletiniň jogap bermegini talapetmegi Eýranyň kanuny hakydyr diýip ýolbaşçylygyň hubralar mejlisi ýaňky beýannamasynyň dowamynda nygtap geçdi.