Reisi: duşman Eýran milletiniň çydamy babatly başyny çaşyrandyr
Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy, Eýran milletiniň duşmanlaryň hilelerine garşy çydam görkezýänligine yşarat edip Eýran milletiniň çydam görkezmegi babatly duşman çaşandyr diýdi.
Hojjatol Yslam Welmoslemin Seýed Ibrahim Reisi Eýranyň tele ýaýlymynda eden çykyşynda duşmanlaryň hilelerine garşy göreşilmeginde iň gowy ýolyň çydam görkezmekdigini aýdyp , dünýäniň bütin ilaty, bütin kynçylyklaryň bolmagyna garamazdan çydam görkezilmek meselesiniň jogap berýänligini düşünendirler diýdi.
Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Hojjatol Yslam Welmoslemin Seýed Ibrahim Reisi şu gün hem Tehranda daşary ýurtly ilçileriň we işleri ynanylan wekilleriň şeýle-de halkara guramalaryň wekilleriniň ýygnagynda beren gürrüňlerinde Amerikanyň, adam oglynyň hak-hukukyny gödek bozýan ýurtdigini aýdyp, Amerikanyň hem günbatarly ýaranlary we ssionist režimi ýaly, adam hukukyny bozmakda täze dosýesi bardyr diýdi.