prezident Ruhani:gadaganlyklaryň girizilmegi Waşington resmileriniň akyllarynyň çaşandygyny görkezýär
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Amerikanyň Eýrana garşy ýola beren täze gadaganlyklaryna yşarat etmek bilen diňe bir Eýranyň ýolbaşçysy dälde eýsem dünýäniň boýdan başynda musulmanlaryň we yslam ynkylabynyň muştaklarynyň ýolbaşçysy bolan bir ýurduň iň beýik derejeli syýasy,dini we jemgyýetçilik şahsyýetine garşy gadaganlygyň ýola berilmegi gülkünç we bihaýalykly hereketdir diýip ynam bildirdi.
prezident Hasan Ruhani şu gün Eýranyň saglygy goraýyş ministrliginiň müdirleri we ministri bilen geçiren duşuşygynda beren gürrüňlerinde durmuşda dünýäniň köp ýurtlarynda şol sanda Liwan.Siriýa,Owganystan,Pakistan we Hindistan ýurtlarynda köp adamlar yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň emrine eýerýändirler indi şeýle ýagdaýda Amerikanyň akla sygmaýan bu işi gülkünç we bihaýalykly işdir diýip beýan etdi.
yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň baýlyklaryny we mal mulukyny almak baradaky Amerikanyň täze gadaganlyklaryna yşarat etmek bilen Eýranyň ýolbaşçysynyň mal muluky bir öý bilen bir hoseýniýedir we daşary ýurt banklarda millionlarça dollar puly bolan dünýäniň beýleki ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň baýlyklary ýaly Eýranyň ýolbaşçysynyň baýlyklary ýokdyr diýip prezident Ruhani yglan etdi.
Amerikalylaryň bir tarapdan Eýran bilen gepleşik geçirmek şygaryny bermekleri we edil şol mahalda hem Eýranyň daşary işler ministrine garşy gadaganlykdan gürrüň etmekleri Eýran milletiniň duşmanlarynyň ýalançydyklaryny görkezýändir diýip prezident Hasan Ruhani sözlerine goşdy.