Mertebesi Belent Ýolbaşçy:gepleşik geçirmek baradaky Amerikanyň teklibi hiledir
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri gepleşik geçirmek baradaky Amerikanyň ileri süren teklibiniň asly maksadyny , milletiň ýaragdan boşamagy we Eýrana kuwwatlylyk getirýän sebäpleriň ýok edilmegi diýip yglan etdiler.
şu gün Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri kazyýet güýjüniň başlygy, jogapkärleri we kazydyr işgärleriniň bir toparynyň duşuşygynda beren gürrüňlerinde , Amerikanyň gepleşik geçirmek baradaky teklibini, ilaty aldamak bilip, Amerikalylar indi, Eýran milletiniň kuwwatlanmagyna sebäp bolýan zatlardan gorkyp öňe gelip bilmeçýärler, şoniň üçin, gepleşik geçirmek ýoldan bu ýaragyň we gudratyň sebäpkärlerini Eýranyň elinden aljak bolýarlar diýip ýatlara berdiler.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri dünýäniň iň şerçi hökümeti bolýan Amerikanyň, Eýran milletine ýapýan aýyplamalaryny we Eýranyň milletine edýän bihormatçylyklaryny ýatlara berip uruş, agzalalyk, talaňçylyk we ýurtlar bilen milletleriň baýlyklaryny talamagyň sebäpkärleri bolýan dünýäniň iň ýigrençli we betniýetli döwletiniň her günde Eýranyň ýagşy milletine bihormatçylyk edip bu milleti aýyplaýandyr , emma Eýranyň ilaty Amerikanyň şeýle erbetişleri bilen sarsmaz we yza hem çekilmez diýip sözlerine goşdylar.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri Amerikanyň sanksiýalaryny, Eýran milletine bolýan äşgärleýin zulum bilip soňky 4 on ýyllykda Eýranlyň kimliginiň, yslam ýöriteliklerine utgaşmagy, dünýäniň zoraýdyjy taraplarynyň berýän agramlarynyň, milletiň hereketine täsirsiz bolmagyna sebäp bolandyr diýdiler.