Ruhani: Eýran sebitde uruşyň yzynda däldir
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani, Eýran Yslam Respublikasy sebitde uruş we çaknyşyk bolmagynyň yzyndä däldir emma duşmanlaryň hem Eýranyň serhetlerine el gatmagyna rugsat bermeýär diýdi.
Hasan Ruhani şu gün döwlet toparyň maslahatynda beren gürrüňlerinde Amerikanyň içalylyk uçarmansyz uçarynyň Eýranyň suw çägine girenligine yşarat edip egerde bir duşman, Eýranyň serhetlerine el gatsa, yslam respublikasynyň gyzyl çyzyklaryndan geçýändir , Eýran oňa berk gaýtaweul berýändir diýip yglan etdi.
Ruhani, Eýranlylaryň elleri bilen bejerilen bir goranyş sistemaniň, Amerikanyň içalylyk uçarmansyz uçaryny urup ýere gaçyranlygyny aýdyp, Eýran harby we başga ugurlarda ylym-bilim, tehnologiýa we senagat ugurlarda gowy ösendir diiýp nygtady.
Ruhani şeýle-de Amerika döwletiniň Eýrana garşy syýasatlaryna yşarat edip bu günler Ak Tam başyny çaşyrandyr we onuň resmileriniň aýtýan gürrüňleri gülkünçdir diýip sözlerine goşdy.