Mosawi: INSTEX Eýranyň gerekliklerini üpjün etmelidir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5478-mosawi_instex_eýranyň_gerekliklerini_üpjün_etmelidir
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Mosawi Eýran bilen Ýewropanyň arasyndaky maliýe kanaly bolan INSTEX -iň ýola berilmegi Eýranyň gerekliklerini üpjün etmelidir ýogsa Eýranyň indiki ädimi berk boljakdyr diiýp yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 28, 2019 11:58 Asia/Ashgabat
  • Mosawi: INSTEX Eýranyň gerekliklerini üpjün etmelidir

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Mosawi Eýran bilen Ýewropanyň arasyndaky maliýe kanaly bolan INSTEX -iň ýola berilmegi Eýranyň gerekliklerini üpjün etmelidir ýogsa Eýranyň indiki ädimi berk boljakdyr diiýp yglan etdi.

penşenbe güni Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Mosawi Ýewropalylaryň teklip eden INSTEX kanalynyň amala aşyrylmagy barada gürrüň gozgap bu kanalyň amala aşyrylmagy käbir ygrarsyzlyklar babatly uzaga çekendir diýip nygtady.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Mosawi sözüniň dowamynda Eýran bilen Ýewropanyň arasyndaky maliýe kanaly bolan INSTEX -iň amala aşyrylmagy üçin Eýranyň wagt bellemeginden soňra Ýewropalylar bu ugurdaky hereketlerine badalga berip başladylar emma bu hereketler ýeterlik däldir sebäbi onuň amala aşyrylyşy we wagty Eýran üçin ähmiýetli meseledir diýip beýan etdi.