Abutorabifard: Eýranyň belli strategiýasy çydam we duşmanyň gowşan yradasyny ýeňmekdir
Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Amerikanyň döwrebap içalylyk uçarmansyz uçarynyň Eýranda urulyp ýere gaçyrylmagy Eýranyň belli strategiýasynyň çydam we duşmanyň gowşan yradasyny ýeňmekdigini belli edýär diýip yglan etdi.
Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Hojjatol Yslam welmoslemin Seýed Mohammad Hasan Abutorabifard Tehraniň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde dünýäniň bütin syýasatçylary, çydama wepaly bolan güýçler we hatda Amerikanyň sebitdäki bakna şahsyýetleri Eýranyň berk yradasyny duýandyrlar diýip nygtady.
Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Hojjatol Yslam welmoslemin Seýed Mohammad Hasan Abutorabifard sözüniň dowamynda Amerikanyň sebitdäki syýasatlarynyň şowsuzlyga uçarnlygyny hemde Eýranyň sebite aralaşanlygy baradaky dünýä ähliniň ykraryna yşarat edip Eýranyň goranyş we öňüni alyş çäresiniň bellije sargydy bardyr olda Eýranyň serhetlerine el gatylmagyna berk we tiz gaýtawul beriljekdigidir diiýp yglan etdi.