Zarif:Eýran Günbatar döwletleriniň Saddama beren hemaýatlaryny hergiz unutmaz
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Eýran Günbatar döwletleriniň Yragyň bääs režiminiň ýok olan diktatory Saddama beren ýarag kömeklerini hatda himiki ýarag kömeklerini hergiz unutmaz diýip yglan etdi.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şu gün özüniň twitter sahypasynda Saddamyň Eýranyň Sardäşt şäherine eden himiki hüjüminiň pidalarynyň suratlaryny neşir etmek bilen Birleşen Milletler Guramanyň howpsuzlyk geňeşi Saddamyň bu hüjümini hergiz ýazgaran däldir diýip ýazdy.
Eýran milleti şol mahaly duşmanyň garşysynda gaýduwsyzlyk görkezendir indi hem duşmanyň garşysynda berk durjakdyr diýip Zarif aýtdy.
1987-nji ýylyň 28-nji Iýunynda Yragyň bääs režiminiň Eýranyň günbatar Azerbaýjan welaýatynyň Sardäşt şäherine garşy ýola beren himiki hüjüminde 119 adam şehit we azyndan 8 müň adam bu hüjümiň netijesinde ýaraly boldy.
Yragyň Eýrana garşy tönkän uruşyndan soň neşir bolan senetlere görä,günbatar ýurtlaryň 207 şereketi şol sanda Amerika,Nidirlanlar,Germaniýa we Fransiýanyň şereketleri Yragyň bääs režimini himiki ýaraglara beslemekde rol oýnandyr lar.