Burujerdi:INSTEX Eýranyň tamalaryny üpjün edip başaran däldir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5509-burujerdi_instex_eýranyň_tamalaryny_üpjün_edip_başaran_däldir
Eýran mejlisiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasatynyň agzasy Eýran bilen Ýewropanyň arasynda ýola goýulan maliýe kanaly ýa-da şol INSTEX Eýranyň Ýewropaly taraplardan bolýan tamalaryny we isleglerini üpjün edip başaran däldir diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 01, 2019 11:44 Asia/Ashgabat
  • Burujerdi:INSTEX Eýranyň tamalaryny üpjün edip başaran däldir

Eýran mejlisiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasatynyň agzasy Eýran bilen Ýewropanyň arasynda ýola goýulan maliýe kanaly ýa-da şol INSTEX Eýranyň Ýewropaly taraplardan bolýan tamalaryny we isleglerini üpjün edip başaran däldir diýdi.

Eýran mejlisiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasatynyň agzasy Alaeddin Burujerdi Eýranyň tersine ýola berilen ähli gadaganlyklaryň ýatyrylmagyny islemek bilen eger Ýewropalylar Amerikadan gorkyp ýa-da halkara kanunlary amala aşyrmakdan ejiz bolup öz ykrarlarynda tapylmasalar Eýranyň ýadro ylalaşygyndaky jogapkärçiliklerini azaltmagyna garaşmaly bolarlar we egerde ony islemeýän bolsalar sözde dälde eýsem amalda öz ykrarlarynda tapylmalydyrlar diýip beýan etdi.

Eýran Yslam Respublikasy ýadro ylalaşygyň kämil amala aşyrylmagyny talap edýändir we Eýranyň bu ylalaşykda galmagy onuň ähli bentleriniň amala aşmagyna baglydyr diýip Burujerdi sözlerine goşdy.

Burujerdi şeýle-de Eýranyň ýadro ylalaşygynda öz ykrarynda durandygyny halkara atom energiýasy guramasynyň özüniň ençeme hasabatynda yglan edendigine yşarat edip indi ýadro ylalaşygyna gol goýan beýleki taraplar özleriniň ykrarlydyklaryny subut etmelidirler diýdi.