Zarif:Eýran duşmanlaryň basyşlaryna boýun bolmaz
Eýranyň daşary işler ministri Tehran duşmanlaryň basyşlaryna boýun bolmaz diýmek bilen gowsy duşmanlar Eýran milletine hormat goýup geplesinler diýdi.
şu gün Muhammet Jawad Zarif Tehranda senagat we magdanyň milli gününiň gadyrlanyş dabarasynda beren gürrüňlerinde Amerika sebitde we halkara derejesinde Eýrandan yzygiderli ýeňilmegi üçin durmuşda Eýrana basyş berip durandyr diýip yglan etdi.
Eýranyň daşary işler ministri Zarif durmuşda Eýran dürli meýdanlarda ejizlik nokatda däldir diýmek bilen Amerikalylar ykdysadyýet örisinde dollardan peýdalanyp Eýrana basyş berdiler emma bu meselede özleriniň bu işleri bilen özlerine kynçylyk döredendirler diýip beýan etdi.
Zarif INSTEX-yň durmuşa geçirilmegine yşarat etmek bilen bu maliýe sistemasynyň durmuşa geçirilmegi gaty möhüm meseledir sebäbi bu mesele Amerika bilen onuň iň ýakyn ýaranlary bolan Ýewropalylaryň arasynyň açylmagyna sebäp boljakdyr diýip nygtady.