Zarif:urany nä-mukdarda baýlaşdyrmagy Eýranyň özi biler
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Eýran tarapyndan baýlaşdyrylýan uran hakda Amerikaly resmileriň aýdan gürrüňleriniň gaýtawulynda urany nä-mukdarda baýlaşdyrylmagy Eýranyň özi belli eder diýip yglan etdi.
Amerikaly resmiler şol sanda bu ýurduň prezidenti Donald Tramp we daşary işler ministri Mike Pompeo düýn Eýranyň baýlaşdyran uranynyň mukdarynyň 300 kg-dan geçmeginiň gaýtawulynda ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň şeýle-de halkara hukukyň tersine aýdan gürrüňlerinde Eýran hiç bir derejede urany baýlaşdyrmaga hakly däldir diýip tosladylar.
Tramp deslap Amerikanyň Eýrana garşy bikanun gadaganlyklaryny ýatyrsyn ondan soň Eýranyň baýlaşdyran uranynyň derejesi barada pikir bersin diýip şu gün Eýranyň daşary işler ministri Zarif aýtdy.