Eýranyň parlament toparynyň Azerbaýjan Respublikasynyň parlament başlygynyň oruntutary bilen duşuşygy
Eýran Yslam respublikasyny parlament topary Baku şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň parlament başlygynyň oruntutary Asraeow bilen duşuşyp gürrüň etdi.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä Eýranyň yslam şura mejlisiniň býujet komissiýasynyň başlygy Golamreza Tajgardon bu duşuşykda beren gürrüňlerinde Eýran bilen Azerbaýjan respublikasynyň taryhy, medeni we dini meňzeşlikleri bu iki ýurdyň gatnaşyklarynyň köpräk ösdürilmegini gerekli edýär diýdi.
ol bu iki ýurdyň gatnaşyklaryny strategik wasp edip Tehran, bu gatnaşyklary herne köpräk ösdürmäge ykjamdyr diýip sözlerine goşdy.
Azerbaýjan Respublikasynyň parlament başlygynyň oruntutary Asraeow hem bu duşuşykda beren gürrüňlerinde Baku-Tehraniň gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda iki ýurdyň resmileriniň garşylykly saparlaryny möhüm wasp etdi.