Hatami: Yragyň döwletidir milletini goldamak Eýranyň usully syýasatydyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5529-hatami_yragyň_döwletidir_milletini_goldamak_eýranyň_usully_syýasatydyr
Eýran Yslam respublikasynyň goranmak ministri , Yragyň täze goranmak ministrniň belli edilmegini gutlamakdan aýry iki ýurdyň goranyş we harby hyzmatdaşlyklaryna badalga berilmegini isledi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 04, 2019 15:58 Asia/Ashgabat
  • Hatami: Yragyň döwletidir milletini goldamak Eýranyň usully syýasatydyr

Eýran Yslam respublikasynyň goranmak ministri , Yragyň täze goranmak ministrniň belli edilmegini gutlamakdan aýry iki ýurdyň goranyş we harby hyzmatdaşlyklaryna badalga berilmegini isledi.

emir sertip Amir Hatami Yragyň täze goranmak ministri Najah Hasan Ali Al-şemri  bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Yragyň döwletidir milletini goldamak Eýranyň usully syýasatydyr diýip yglan etdi.

Yragyň hoepsuzlygy we durnuklylygy we ösmegi sebitiň peýdasynadyr diiýp Eýran Yslam respublikasynyň goranmak ministri emir sertip Amir Hatami  sözüne goşdy.

Eýran Yslam respublikasynyň goranmak ministri emir sertip Amir Hatami  şeýle-de Yragy, Eýran bilen köp mezhebi,sosial we siwilizasiýa meňzeşlikleri bolýan bir dos we goňşy ýurt hasaplady.

Yragyň täze goranmak ministri Najah Hasan Ali Al-şemri bu telefon arkaly söhbetdeşlikde terrorçy toparlara garşy göreşilmeginde Eýranyň Yraga beren goldawlary babatly gadyrdanlygyny bildirmek bilen bir wagtda iki ýurdyň köp meňzeşliklerden paýlydygyny aýtdy.