Hatami: Yragyň döwletidir milletini goldamak Eýranyň usully syýasatydyr
Eýran Yslam respublikasynyň goranmak ministri , Yragyň täze goranmak ministrniň belli edilmegini gutlamakdan aýry iki ýurdyň goranyş we harby hyzmatdaşlyklaryna badalga berilmegini isledi.
emir sertip Amir Hatami Yragyň täze goranmak ministri Najah Hasan Ali Al-şemri bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Yragyň döwletidir milletini goldamak Eýranyň usully syýasatydyr diýip yglan etdi.
Yragyň hoepsuzlygy we durnuklylygy we ösmegi sebitiň peýdasynadyr diiýp Eýran Yslam respublikasynyň goranmak ministri emir sertip Amir Hatami sözüne goşdy.
Eýran Yslam respublikasynyň goranmak ministri emir sertip Amir Hatami şeýle-de Yragy, Eýran bilen köp mezhebi,sosial we siwilizasiýa meňzeşlikleri bolýan bir dos we goňşy ýurt hasaplady.
Yragyň täze goranmak ministri Najah Hasan Ali Al-şemri bu telefon arkaly söhbetdeşlikde terrorçy toparlara garşy göreşilmeginde Eýranyň Yraga beren goldawlary babatly gadyrdanlygyny bildirmek bilen bir wagtda iki ýurdyň köp meňzeşliklerden paýlydygyny aýtdy.