Aýatollah Mowahedi Kermani:Amerikalylar Eýranyň goranyş güýjünden gorkýandyrlar
(last modified Fri, 05 Jul 2019 12:22:36 GMT )
Jul 05, 2019 17:22 Asia/Ashgabat
  • Aýatollah Mowahedi Kermani:Amerikalylar Eýranyň goranyş güýjünden gorkýandyrlar

Tehranyň juma namazynyň hatyby Eýrana hüjüm etmekden gaýtmak barada Amerikanyň prezidenti Trampyň aýdan gürrüňleriniň gaýtawulynda Amerikaly resmiler Eýranyň harby we goranyş gudratyndan gorkýandyrlar diýip beýan etdi.

Aýatollah Muhammetali Mowahedi Kermani Tehranyň şu günki juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde Eýranyň ýolagçy gatnatýan Air-Bas uçarynyň 1988-nji ýylyň Iýul aýynyň 3-nde Amerikanyň Winsens harby gämisi tarapyndan urulyp ýere gaçyrylmagynyň ýyl dönümine yşarat etmek bilen Amerika döwleti bihaýalyk bilen we bilkastlaýyn bu jenaýata baş goşandyr diýip yglan etdi.

Tehranyň juma namazynyň hatyby Amerikaly resmileriň wagşylykly kimliklerine salgylanyp Eýranlylar özleriniň akyl paýhaslary,ýokary ahlaklary we adamkärçilikleri bilen özleriniň kuwwatlylyklaryny bütin dünýä görkezip durandyrlar diýip belläp geçdi.

Aýatollah Muhammetali Mowahedi Kermani şeýle-de Eýranyň baýlaşdyran uranynyň mukdarynyň 300 kg-dan geçmegine yşarat edip Eýranyň ýadro bomba mätäçligi ýokdyr we bu bombalaryň bejerilmegini hem haram bilýändir diýip nygtady.

Tehranyň juma namazynyň hatyby şeýle-de Sionistleriň suýşeden ýasalan jaýlarda ýaşaýandyklaryny aýdyp egerde Amerikalylar bilen Sionistler duşmançylykly herekete baş goşaýsalar Eýran Pars Aýlagyny olaryň mazaryna dönderer diýip duýduryş berdi.

Tehranly namaza gatnaşan ilat juma namazdan ozal beren şygarlarynda Amerikanyň Eýranyň tersine ýola berýän duşmançylykly syýasatlaryny ýazgaryp duşmanlaryň hileleri puja çykýança çydamyň dowam etdirilmegini nygtadylar.