Zonnuri: London döwleti Eýrana jogap bermelidir
(last modified Sat, 06 Jul 2019 14:08:10 GMT )
Jul 06, 2019 19:08 Asia/Ashgabat
  • Zonnuri: London döwleti Eýrana jogap bermelidir

Eýran mejlisiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Iňlis döwletiniň Eýranyň çig nebitini alyp barýan gämini tutmagyna yşarat edip Iňlisiň döwleti şeýle bikanun işleriň garşysynda Eýran Yslam respublikasyna jogap bermelidir diýdi.

Mojtaba Zonnuri habarçymyz bilen geçiren söhbetdeşliginde Iňlis döwletiniň Eýranyň çig nebitini alyp barýan gämini tutmaklygyny halkara kanunlaryň tersine bilip egerde Iňlis bu gämini azat etmese Eýran Yslam respublikasy öz erkindäki abzallary bilen garşylyk görkezjekdir diýip sözüne goşdy.