Hasan Ruhani bilen Emanuel Makronyň telefon arkaly söhbetdeşligi
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Fransiýanyň prezidenti Emanuel Makron bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Ýeropalylardan halkara ylalaşyklara we Birleşen Milletler Guramanyň karar hatlaryna ygrarly bolmaklaryny isledi.
prezident hasan Ruhani sözüniň dowamynda Emanule Makronyň ýadro ylalaşygynyň goralmagy barada aýdan sözlerine yşarat edip geçen 14 aýyň dowamynda Eýran yslam respublikasy bütin basyşlara we Amerikanyň ýola berýän gadaganlyklaryna garamazdan strategik sabyryň çarçuwasynda ýadro ylalaşygy goramak ugurda tgalla etdi diýip nygtady.
Ruhani şeýle-de Amerikanyň Eýran milletine garşy gadaganlyklaryny we basyşlaryny terrorçylykly we ykdysady uruş hasaplamak bilen bu uruşyň dowam etmegi sebitde we dünýäde başga wehimlere sebäp bolup biljekdir diýip sözüne goşdy.
Fransiýanyň prezidenti Emanuel Makron hem bu söhbetdeşlikde ýewropanyň eden işleriniň Amerikanyň gadaganlyklarynyň ýerine dolup başarmanlygyny kabul etmek bilen bir wagtda onuň öwezini dolmak üçin bar tagallasyny etjekdigini yglan etdi.