Rahmani Fazli:Eýranyň howpsuzlyk ýagdaýy öwgä laýykdyr
Eýranyň içeri işler ministri Abdurreza Rahmani Fazli durmuşda Eýran ilatynyň arkalaşmaklary bilen durnukly howpsuzlykdan paýlydyr diýip yglan etdi.
şu gün Eýranyň içeri işler ministri Abdurreza Rahmani Fazli Eýranyň demirgazyk gündogarynda ýerleşen Şirwan etrapynda beren gürrüňlerinde duşman elmydam Eýran Yslam Respublikasyna zarba urmagyň yzynda bolandyr diýmek bilen Eýranyň dürli örilerde el-gerip duran ösüşleri we üstünlikleri üçin Amerika Eýrana duşmançylyk edýändir diýip nygtady.
Rahmani Fazli şeýle-de Amerikanyň Eýrana garşy ýola berip duran gadaganlyklaryny täsirsiz bilmek bilen durmuşda Eýran köp ugurlarda garaşsyz bolandyr diýip yglan etdi.
Amerikanyň prezidenti Donald Tramp 2018 ýylyň 8-nji Maýynda ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan çykmak bilen Eýrana garşy ýatyrylan ýadro gadaganlyklaryň gaýtadan başlanýanlygyny yglan etdi.