Rabiei: sebitiň suwlarynyň howpsuzlygy sebit ýurtlary arkaly üpjün bolýar
Eýran döwletiniň metbugat wekili Ali Rabiei Iňlisiň , bir gämisini Aziýanyň günbatar sebitiniň suwlaryna ibermek baradaky tutumyny tankyt edip sebitiň suwlarynyň howpsuzlygy sebit ýurtlary arkaly üpjün boljakdyr diýip yglan etdi.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä şu gün Eýran döwletiniň metbugat wekili Ali Rabiei habarçylaryň ýygnagynda beren gürrüňlerinde Britaniýalylar, sebite uruş gämisini ibermekleriniň ýerine sebitiň howpsuzlygynyň, sebit ýurtlary tarapyndan berkarar bolmagyna rugsat bermelidirler sebäbi şeýle bolan ýagdaýynda sebitiň suwlarynyň howpsuzlygy gowrak berkarar boljakdyr diýdi.
Eýran döwletiniň metbugat wekili Ali Rabiei, Britaniýanyň harbylary tarapyndan Jabal Al-Tareg bogazynda Eýranyň nebit daşaýan bir gämisiniň tutulmagy barada beren gürrüňlerinde hem Eýranyň şu ýerlikde gerekli bolýan hukuky işleri yzarlaýandyr diýdi.