Zarif Birleşen Milletler Guramanyň baş sekretary bilen duşuşdy
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Nýu-Ýorka gurnan saparynyň dowamynda düýn Birleşen Milletler Guramanyň baş sekretary Antonio Gutereş bilen duşuşyp gürrüň etdi.
Eýranyň tele radio habarlar gullugynyň Nýu-Ýorkdan beren habaryna görä,BMG-syndaky Eýranyň wekiliýet gullugynyň işgärlerine Amerikanyň çäklik döretmegi,sebitiň dartgynlylygy,Eýranyň nebit daşaýan gämisiniň Britaniýa tarapyndan tutulyp saklanmagy,Eýranyň ýadro ylalaşygyndaky jogapkärçiliklerini azaltmagy,sebitleýin meseleler şol sanda Siriýa,Ýemen we Owganystanyň soňky özgerişleri Zarif bilen Gutereşiň gürrüň eden mowzuklaryny ybaratlaýar.
Eýranyň daşary işler ministrniň Birleşen Milletler Guramanyň sosial we ykdysady geňeşiniň ýokary derejeli resmileriniň ýyllyk maslahatyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka bolan sapary bir ýagdaýdadyr welim Amerikanyň daşary işler ministrligi diplomatik kada-kararlara jebis gelmeýän bir hereketde Nýu-Ýorkda Eýranly toparyň duşuşyklaryny we gelim gidimlerini çäklendirendir.