Zarif:Amerika dünýäniň boýdan başynda parahatçylygy howpa salandyr
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Amerikanyň düýäniň ýüzünde alyp barýan bir taraplaýyn syýasatlary halkara derejesinde kanunyň ornuna zeper ýetirendir diýip nygtady.
goşulmazlyk hereketiniň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Wenesuelanyň paýtagty Karakasa baran Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Amerikanyň işleri bilen indi dünýäniň ýüzünde azat söwda,ýaşaýyş öri,kanunyň we halkara guramalaryň orunlary ýaly meselelere gaty zyýan ýetişip durandyr diýip beýan etdi.
Zarif şeýle-de 2000-nji ýylyň birinji on ýyllygynyň başyraklarynda Amerikanyň öňki ýola beren bir taraplaýyn ýüzlenmeleriniň ýaramaz netijelerine yşarat edip Amerikanyň täze bir taraplaýyn ýüzlenmeleri bilen garşylaşmagyň zerurlygyny nygtady.
Eýranyň daşary işler ministri sözüniň dowamynda Amerikanyň bikanun hereketleriniň Aziýanyň günbatarynda dartgynlylygyň güýjürgemegine sebäp bolup duranlygyna salgylanmak bilen şu arada kä arap ýurtlaryň Amerikanyň Palestina milletine garşy mekirli taslamalary bilen arkalaşmaklary Palestina halkyna dönüklik etmek hasaplanmagyndan aýry sebitiň howpsuzlygyny hem howpa salyp durandyr.