Mertebesi Belent Ýolbaşçy: Palestina meselesi hökman Palestina milletiniň peýdasyna gutarjakdyr
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri çydam görkezilip söweşilmese ýeňiş ele gelýän däldir we hudaý tagalanyň beren wadasy boýunça Palestina meselesi hökman Palestina ilatynyň we yslam dünýäsiniň bähbidine gutarjakdyr diýip nygtadylar.
şu gün Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri Palestinanyň Hamas hereketinden bolýan ýokary derejeli bir toparyň duşuşygynda beren gürrüňlerinde Palestina meselesini yslam dünýäsiniň birinji we iň möhüm meselesi bilip Palestinanyň yslam dünýäsiniň hereketiniň merkezinde boluşy ýaly Hamas hem Palestina hereketiniň merkezinde durýandyr diýdiler.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri Gaza ilatynyň we Iordaniýa akarynyň günbatar ýakalarynda ýaşaýan ilatyň berk durup çydam görkezmeklerini ýeňişiň buşlanmagy bilip Eýran Yslam respublikasy Palestina meselesinde dünýäde hiç bir ýurdyň garşysynda ýüze galýan däldir onäme Palestina hemaýat berilmegi din we ynanç esasyndaky meseledir diýip sözlerine goşdylar.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri , Amerikanyň yzyna düşýän Saud Arabystan ýaly käbir ýurtlaryň Palestina meselesinden daş durmaklary akyla laýyk gelýän hereket däldir sebäbi egerde olar Palestina hemaýat beren bolsalardy , Amerikanyň garşysynda utuk alyp bilýärdiler diýip ýatlara berdiler.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri , asyryň söwdasy diýlen dönükli taslama yşarat edip bu howply taslamanyň maksady Palestina ilatynyň we Palestinaly ýaşlaryň arasynda Palestinanyň kimligini ýok etmekdir.
şeýle ýagdaýda pul bilen Palestina kimliginiň ýok edilmegine rugsat berilmeli däldir diýip nygtadylar.