Salami: duşman Eýranyň garşysynda yza çekilmek gidişini dowam etjekdir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5637-salami_duşman_eýranyň_garşysynda_yza_çekilmek_gidişini_dowam_etjekdir
Eýranyň Sepah Pasdaranynyň baş serkerdesi Serdar Serleşger Hosein Salami Eýranyň kanuny islegleriniň ykrar edilýän mahalyna çenli duşman, Eýranyň garşysynda yza çekilmek gidişini dowam etjekdir diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 25, 2019 16:59 Asia/Ashgabat
  • Salami: duşman Eýranyň garşysynda yza çekilmek gidişini dowam etjekdir

Eýranyň Sepah Pasdaranynyň baş serkerdesi Serdar Serleşger Hosein Salami Eýranyň kanuny islegleriniň ykrar edilýän mahalyna çenli duşman, Eýranyň garşysynda yza çekilmek gidişini dowam etjekdir diýdi.

şu gün Eýranyň Sepah Pasdaranynyň baş serkerdesi Serdar Serleşger Hosein Salami Huzestan welaýatynda eden çykyşynda duşmanlar Eýran milletiniň yradasyna goýmalydyrlar we hiç kim öz ideýalaryny Eýrana töňkäp başarmaz diýip nygtady.

Eýranyň Sepah Pasdaranynyň baş serkerdesi Serdar Serleşger Hosein Salami sözüniň dowamynda Eýran basyşlaryň astynda boýun bolmaz diýmek bilen basyş bermek, gurşamak we gadaganlyklary amala aşyrmak Eýran milletiniň garşysynda durmagyň ýollary däldir we bu günki gün birje damja nebitini eksport etmäge Eýrana rugsat bermeris diýýänler öz raýyndan gaýdandyrlar diiýp beýan etdi.