Şamhani: Iňlisiň gämisini tutmak baradaky Eýranyň hereketi kanunidir
Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani Eýranyň günortasynda ýerleşen Hormoz Bogazynda Iňlisiň nebit daşaýan gämisiniň tutulanlygyna yşarat edip Jabal Al-Tareg-de Eýranyň nebit daşaýan gämisini tutmak baradaky Iňlisiň bikanun hereketine we deňiz garakçylygyna garamazdan Eýranyň eden işi kanunidir diýip nygtdy.
şenbe güni Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani Tehranda Omanyň daşary işler ministri Ýusef Bin Alawi bilen geçiren duşuşygynda Iňlisiň gämisini tutmak baradaky Eýranyň amala aşyran hereketi deňiz howpsuzlygyny goramak ugurdadyr diýmek bilen hemme ýurtlar halkara deňizçilik kanunlaryna hormat goýmalydyrlar diýip nygtady.
Omanyň daşary işler ministri Ýusef Bin Alawi hem Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani bilen geçiren duşuşygynda öňki tejribelerden sebitde durnuksyzlyklaryň köpelmeginiň öňüne geçilmegi ugurda haýyrlanylmagyny nygtamak bilen hemme ýurtlar halkara deňizçilik kanunlaryna ylaýtada Hormoz Bogazynda hormat goýmalydyrlar diýip beýan etdi.