Ruhani: kesekileriň harbylarynyň sebitdäki huzury durnuksyzlygyň asly sebäbidir
Eýran Yslam respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani keseki ýurtlaryň harbylarynyň sebite girmekleri sebitiň howpsuzlygy kömek etmeýärde eýsem durnuksyzlygyň asly sebäbidir diýdi.
şu gün Eýran Yslam respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani Tehranda Omanyň daşary işler ministri Ýusef Bin Alawi bilen geçiren duşuşygynda Eýran bilen Omanyň Hormoz Bogazynda howpsuzlygyň berkarar bolmagynda jogapkär bolýandyklaryny aýdyp Eýran, Oman deňiziň, Pars Aýlagyň we Hormoz Bogazyň aman ýoly bolup halkara gämileriň erkinlikde gelim-gidim etmekleri dogrysynda tagalla edýär diýdi.
Eýran Yslam respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani Siriýanyň gaýtadan abatlanmagy we awaralaryň bu ýurda dolanmaklary şeýle-de Ýemeniň günäsiz ilatynyň gyrana berilmekleriniň togtamagy ugurunda tagalla edilmegini sebitleýin hyzmatdaşlyklarda gaty möhüm bilip sionist režimiň Palestina ilatyny gyrana berip olary awara etmegi , Palestinalylaryň öýlerini dargatmagy we asyryň söwdasy adyndaky taslamanyň çygrynda Palestinanyň geljegine howply taslamalary düzmegi alada döredýär diýip ýatlara berdi.