Aragçi: Wena maslahaty önjeýli boldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5647-aragçi_wena_maslahaty_önjeýli_boldy
Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seýed Abbas Aragçi ýadro ylalaşygyň bilelikdäki komisiýasynyň Wena şäherinde geçiren maslahaty önjeýli we netijeli boldy emma hemme zadyň çözülenligini aýdyp bolmaýar diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 28, 2019 17:29 Asia/Ashgabat
  • Aragçi: Wena maslahaty önjeýli boldy

Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seýed Abbas Aragçi ýadro ylalaşygyň bilelikdäki komisiýasynyň Wena şäherinde geçiren maslahaty önjeýli we netijeli boldy emma hemme zadyň çözülenligini aýdyp bolmaýar diýdi.

şu gün Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seýed Abbas Aragçi ýadro ylalaşygyň bilelikdäki komisiýasynyň Wenada geçiren maslahatyndan soňra habarçylaryň arasynda eden çykyşynda Eýranyň nebit daşaýan gämisiniň Jabal Al-Taregde Iňlisiň tarapyndan tutulmagy ýadro ylalaşygyň bozulmagy boldy emma şu ýerlikde geçirlen gepleşikler gowy bolandyr diýdi.

hemme zadyň çözülenligini aýdyp bolmaýar emma bu maslahatda köp wadalaryň berilenligi aýdyp bolýar diýip Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seýed Abbas Aragçi sözüne goşdy.

Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seýed Abbas Aragçi şeýle-de Eýran öz bähbitleriniň goralýan wagtyna çenli ýadro ylalaşykdaky borçlaryny azaltmagyny dowam etjekdir diiýp yglan etdi.