Zarif:Hazar deňizi Eýranyň milli howpsuzlygy üçin möhüm deňizdir
(last modified Mon, 29 Jul 2019 13:23:25 GMT )
Jul 29, 2019 18:23 Asia/Ashgabat
  • Zarif:Hazar deňizi Eýranyň milli howpsuzlygy üçin möhüm deňizdir

Eýranyň daşary işler ministri Hazar deňizini Eýranyň milli howpsuzlygy üçin möhüm we ähmiýetli bildi

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şu gün mejlisde wekilleriň ýygnagynda beren gürrüňlerinde Hazaryň hukuky konwensiýasynyň düzeltmek meselesine yşarat etmek bilen Eýran Yslam Respublikasy goňşylar bilen gowy arabaglanşygy saklamagyň ýanynda özüniň topragynyň we deňizlik araçäklerini belli etmekde hiç bir tarapa geçirimlik etmez diýip beýan etdi.

Zarif milli howpsuzlygyň we toprak bitewiligiň ähmiýetini nygtamak bilen bu günki gün Eýran Yslam Respublikasy dürli taraplardan berilýän basyşlara garamazdan kuwwatlylyk taýdan gaty ösendir diýip sözleriniň dowamynda aýtdy.

Hazaryň hukuky düzgününiň konwensiýasyna Hazar ýaka 5 ýurduň diýmek Eýran, Orsýet, Azerbaýjan Respublikasy,Gazagystan we Türkmenistanyň prezidentleri geçen ýylyň Awgust aýynda Gazagystanyň Aktau şäherinde gol çekendirler.