Raisi:mynafyklar Amerikanyň uniformsyz esgerleridirler
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5652-raisi_mynafyklar_amerikanyň_uniformsyz_esgerleridirler
Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Seýed Yrahim Raisi terrorçy mynafyklar toparjygynyň agzalaryny Amerikanyň uniformsyz esgerleri bildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 29, 2019 17:24 Asia/Ashgabat
  • Raisi:mynafyklar Amerikanyň uniformsyz esgerleridirler

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Seýed Yrahim Raisi terrorçy mynafyklar toparjygynyň agzalaryny Amerikanyň uniformsyz esgerleri bildi.

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Seýed Yrahim Raisi şu gün Eýranyň ýokary kazyýet geňeşiniň maslahatynda beren gürrüňlerinde buýsançly Mersad operasiýasynyň ýyl dönümine yşarat etmek bilen bütin dünýä imperializm mynafyklary dürli görnüşlerde Eýranyň tersine işe alýarlar emma olar Eýran ilatynyň garşysynda hemişe şowsyzlyga uçrandyr diýip yglan etdi.

Amerikanyň dünýäniň dürli künjeklerinde ýola berýän jenaýatlary sebäpli Eýran milletiniň Amerikany ýygrenmekleri günme gün artyp barýandyr diýip Raisi aýtdy.

Mersad operasiýasy 1988-nji ýylyň Iýul aýynyň 27-sinde Eýranyň günbatarynda ýerleşen Kermanşah welaýatynda terrorçy mynafyklar toparjygynyň tersine ýola berilip başlandy.bu operasiýa iki gün dowam eden soň mynafyklar toparjygyndan 2 müňden gowragy heläk bolmaklary bilen soňlady.

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Seýed Yrahim Raisi şeýle-de Aziýanyň günbatarynda Al-Saud we Sionist režiminiň amala aşyrýan jenaýatlaryna yşarat edip BMG-nyň ýaýradan sanawlary esasynda Arabystan Ýemen ilatyny we Sionist režimi bolsa Palestina milletini gyrana berip durandyrlar diýdi.