Eýran,tutulan gämileriň çalyşylmagyna garşydyr
Eýranyň Britaniýadaky ilçisi , Eýran Yslam respublikasy Britaniýanyň tarapyndan tutulan gämisiniň, Hormoz Bogazynda kanuny bozanlygy üçin tutulan Britaniýanyň gämisi bilen çalyşylmagyna garşydyr diýdi.
IRNA habarlar gullugynyň Londondan beren habaryna görä Hamid Beidinežad Jabal Al-Tareg sebitinde Eýranyň gämisiniň tutulmagy , Hormoz Bogazynda Britaniýanyň gämisiniň tutulmagy bilen parh edýändir şonuň üçin Eýran bu tutulan gämileriň çalyşylmaklaryna garşydyr diýdi.
Britaniýanyň gämisi Hormoz Bogazynda howpsuzlyk kanunlary bozanlygy üçin tutuldy emma Eýranyň nebit daşaýan gämisi diňe Amerikanyň razy edilmegi üçin Britaniýaly güýçleriň tarapyndan Jabal Al-Tareg sebitinde tutuldy şonuň üçin Tehran bu gämileriň çalyşylmaklaryna garşydyr diýip Hamid baeidinežad sözlerine goşdy.