Eýranyň haç we zyýarat guramasynyň başlygy Arabystanyň haç ministri bilen duşuşdy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5691-eýranyň_haç_we_zyýarat_guramasynyň_başlygy_arabystanyň_haç_ministri_bilen_duşuşdy
Eýranyň haç we zyýarat guramasynyň başlygy Ali Reza Raşidiýan bilen Arabystanyň haç ministri Mohammad Saleh Bin Zaher Benten haç meseleleri barada pikir alyşdylar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 03, 2019 08:09 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň haç we zyýarat guramasynyň başlygy Arabystanyň haç ministri bilen duşuşdy

Eýranyň haç we zyýarat guramasynyň başlygy Ali Reza Raşidiýan bilen Arabystanyň haç ministri Mohammad Saleh Bin Zaher Benten haç meseleleri barada pikir alyşdylar.

Eýranyň haç we zyýarat guramasynyň başlygy Ali Reza Raşidiýan , Arabystanyň haç ministri Mohammad Saleh Bin Zaher Benten bilen geçiren duşuşygynda Eýranly hajylara wiza bermek baradaky gowy hyzmatdaşlyklara yşarat edip häziriň özünde elektron şeklinde wiza bermek işleri ýerine ýetirilýändir we şu ugurda belli bir kynçylyk ýokdyr diýip nygtady.

Eýranyň haç we zyýarat guramasynyň başlygy Ali Reza Raşidiýan  sözüniň dowamynda öten ýyla görä hajylara çadyryň ýetirilşi gowrak bolandyr  we bütin gulluklarda öňki ýyla görä işleriň gowrak amala aşyrylmagy çak edilýär diýip beýan etdi.

Arabystanyň haç ministri Mohammad Saleh Bin Zaher Benten hem hajylaryň asudalygy ugurda bitirlen işleriň gowy ileri alnyp barylýanlygy aýtmak bilen bu hereketleriň dowam etdiriljekdigini nygtady.