Dežpasand: Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasynyň söwda gatnaşyklary ösdürilýär
Eýranyň ykdysadyýet ministri Tehran-Baku-nyň gatnaşyklaryna yşarat edip Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasynyň söwda gatnaşyklary öňkilerdende köpeljekdir diýdi.
Farhad Dežpasand şu gün Tehranda Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Şahin Mustafaýew bilen geçiren duşuşygyndan soňra habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde , Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasynyň söwda gatnaşyklarynyň hümmeti soňky 6 aýyň boýunda 2018-nji ýylyň degişli döwürne görä iki esse bolandyr diýdi.
Eýranyň ykdysadyýet ministri Farhad Dežpasand , Eýran bilen Azerbaýjan respublikasynyň energiýa, gümrük we bank işlerde meňzeş pikirleriniň bardygyny aýdyp bu mesele ylalaşyknamanyň çygrynda taýýarlanyp Eýran, Orsýet we Azerbaýjan respublikasynyň bilelikde Soçi şäherinde geçirjek 3 taraplaýyn maslahatlarynda ara atyljakdyr diýip sözlerine goşdy.