Eýranyň günortasynda ýangyç gaçak edýän bir gämi tutuldy
yslam ynkylabynyň pasdarlar sepasynyň deňiz güýçleri Eýranyň günorta suwlarynda 700 müň liter ýangyjy gaçak edip barýan bir gämini tutdylar.
Sepah Pasdaranyň deňiz güýjüniň bu barada çykaran bildirişinde daşary ýurtly bir gämi Eýranyň günortasynda ýerleşen Farsi adasynyň golaýynda 700 müň literi gaçak edip barýan mahaly sepahyň deňiz güýçleri tarapyndan tutulyp saklandy diýip yglan etdi.
sudyň çykaran hökümi boýunça daşary ýurtly bu gämi tutulany soň Buşeher portyna geçirildi we onuň içindäki ýangyç hem Buşeher welaýatynyň nebit şereketiniň erkinde goýuldy diýilip bu bildirişde getirilýär.
Eýranyň sepah pasdaranynyň deňiz güýçleri 19-nji Iýulda hem Hormozgan welaýatynyň portlar guramasynyň islegi esasynda Stena Impero atly Britaniýanyň ýangyç daşaýan bir gämisini nebit artyndylaryny Hormoz bogazynda boşadmagy we JPS sistemasyny söndürmegi sebäpli tutandyrlar.