Eýranyň bejeren täze goranyş enjamlary sergä goýuldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5707-eýranyň_bejeren_täze_goranyş_enjamlary_sergä_goýuldy
Eýranyň bejeren täze goranyş enjamlary şol sanda Ýasin we Balaban atly döwürebap bombalarywe ýokary dykgatly Gaýym atly optiki bombasy Tehranda bir myrasym boýunça sergä goýuldy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 06, 2019 13:47 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň bejeren täze goranyş enjamlary sergä goýuldy

Eýranyň bejeren täze goranyş enjamlary şol sanda Ýasin we Balaban atly döwürebap bombalarywe ýokary dykgatly Gaýym atly optiki bombasy Tehranda bir myrasym boýunça sergä goýuldy.

Eýranyň goranmak ministri sertip Amir Hatami bu myrasymyň ýanynda beren gürrüňlerinde halkara derejesinde ýurduň orun mertebesini beýgeltýän ýurduň goranyş ukyby we başarjaňlygy goralyp saklanylmalydyr bu mesele gaty möhüm meseledir we Eýran ondan hiç mahal göz ýummaz diýip nygtady.

sertip Hatami zehinli Balaban bombasynyň artykmaçlyk taraplaryny açyklap bermek bilen bu bombanyň awlaýan meýdanyny uzaklaşdyrmak üçin onuň ýygnanýan ganatlary bardyr şeýle-de bu bombanyň dykgatyny artdyrmak üçin onda hydaýat ediji sistemasy oturdylandyr diýip yglan etdi.

Eýranyň goranmak ministri sözüniň dowamynda Ýasin bombasy barada gürrüň gozgap bu bombany her bir howa şertlerinde hem-de ony uçar we uçarmansyz uçarlar arkaly ulanyp bolýanlygyny aýtdy.