Reisi: adam hukukyndan arka çykan bolýanlar, haky depeleýärler
Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Seýed Ibrahim Reisi şu gün Tehranda yslam boýunça adam hukuky we ynsan keramaty ady bilen egçirlen ýygnakda beren gürrüňlerinde günbatarda adam hukukyndan arka çykan bolýan döwletler, Bahreýn, Palesyina, we Ýemen ilatynyň öz ykballaryny belli etmeklerine rugsat bermeýärler diýdi.
Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Seýed Ibrahim Reisi şeýle-de , Amerikada garaýagyzlaryň hak-hukuklarynyň giň gerimde bozulýanlygyna yşarat edip günbatarlylar diňe Aziýa we Afrika ýurtlarynda däl eýsem öz ýurtlarynda hem ilatyň hak-hukuklarynyňköp bölümini depeleýärler diýdi.
Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Seýed Ibrahim Reisi, yslamyň dünýäde ynsanlaryň hak-hukuklaryny kepil geçip bütin mazlumlara pena bolýanlygyny aýdyp yslamyň kanunlaryna daýanylmagy bilen, zalymlaryň garşysynda durup bolýandyr diýip sözlerine goşdy.