Musawi:Bahreýn döwleti sebitiň duşmanlarynyň tedärikçisine öwürilmesin
Eranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Eýrana garşy şübheli maslahatlary geçirmekde Bahreýn döwletiniň edýän işlerini şeýle-de bu ýurduň daşary işler ministrliginiň Eýranyň tersine çykaran beýannamasyny ýazgardy.
Seýed Abbas Musawi Eýranyň tersine Bahreýn döwletiniň ýola berýän işlerine şeýle-de Manama-dadeňiz ýollaryň howpsuzlygy ady bilen bir maslahatyň geçiriljekdigine yşarat edip bu hilli maslahatlaryň we işleriň maksady sebitiň howpsuzlygyna we durnuklylygyna zarba urmaklyk şeýle-de kesekileriň we Sionist režiminiň Pars Aýlagynda dahylly bolmaklaryna şert döretmeklikdir diýip beýan etdi.
Eranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Bahreýn resmilerine garap olary bu hilli öjükdiriji we akla sygmaýan hereketlerini togtadyp gurnaýjylykly syýasatlary ileri sürmeklige çagyrmak bilen sebit ýurtlaryň howpsuzlygy birek bireginden özge däldir oňa görä sebit ýurtlary özara çäre görmekleri bilen kesekileriň sebitiň işlerine goşulmaklarynyň öňüne geçmelidirler diýip beýan etdi.
Bahreýn-yň daşary işler ministrligi deňiz ýollaryň howpsuzlygy bahanasy bilen Manamanyň geljek Oktýabrda Eýrana garşy maslahaty geçirmäge taýýarlygyndan habar berdi.
Eýrana garşy bolýan bu maslahat 2019-nji ýylyň 13-nji we 14-nji Fewral günlerinde Warşoda geçirilen maslahatyň dowamydyr.