Aýatolla Kermani: Eýran, Amerikanyň ziýadatalaplyklarynyň garşysynda durandyr
Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Ali Mowahhedi Kermani Eýranyň, Amerikanyň ziýadatalaplyklarynyň garşysynda duranlygyny aýdyp Amerika , yslam ynkylabyny ýykyp başarmady eýsem dünýäde özüniň haýbaty döwüldi diýip nygtady.
şu gün Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Ali Mowahhedi Kermani, Tehraniň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde , Amerikany, bütin dünýä imerializmiň anyk muysaly bilip Amerikanyň, halkara şertnamalardan çykmagy bu ýurdyň öz wadalarynda durmaýanlygynyň anyk mysalydyr diýdi.
Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Ali Mowahhedi Kermani şeýle-de Eýranyň Sepah Pasdaranynyň iýun aýynyň 20-nji güninde Amerikanyň el gatan bir uçarmansyz uçaryny urup ýere gaçyranlygyna yşarat edip bu günki gün sebitde Eýranyň gudraty artandyr şonuň üçin Amerika Eýrana harby hüjüm edip başarmaýar diýip sözlerine goşdy.
Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Ali Mowahhedi Kermani Ýemen dartgynlylygyna we Birleşen Arap Emirlikleriň harbylarynyň Ýemenden çykmaklarynyň meselesine yşarat edip saudylar Birleşen Arap Emirlikliler ýemen ilatynyň çydam görkezmekleri babatly bu ýurtda batgalyga çümdiler we indi şol batgalykdan çykmaklarynyň yzynda bolýandyrlar diýdi.
Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Ali Mowahhedi Kermani şeýle-de kaşmir sebitiniň dartgynlylygyndan gürrüň gozgap Kaşmir dartgynlylygyndaky taraplar gahar-gazaply işlerden saklanmalydyrlar diýip nygtady.