Musawi: Pars Aýlagynda sionistleriň howpyna garşy göreşmek, Eýranyň hakydyr
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili sionist reimiň Pars Aýlagynda harby bileleşige birigäýmegini, Eýranyň milli howpsuzlygyna äşgärleýin howp bilip, sionistleriň Pars Aýlagynda huzurly bolmaklarynyň howpyna garşy göreşmek Eýranyň hakydyr diýdi.
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Pars Aýlagynda gämileriň gelip-gidim etmekleriniň howpsuzlygynyň hamala berkarar edilmegi maksady bilen Amerikanyň harby bileleşigine goşulmak üçin taýýarlyk edenligi barada ýaýran habarlara gaýtawul berip şeýle howply işiň yzygelimleriniň bütin jogapkärçiligiAmerika sionist režimiňüstüne boljakdyr diýdi.
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Amerikanyň, Pars Aýlagynda harby bileleşik gurmagyny dartgynlylyk dörediji we ilaty aldamak bilip Eýran bu hili bilelşikleriň guralmaklaryna garşydygyny yglan edýär we onuň agzalaryny sebitde bolaýjak dartgynlylygyň sebäpkärleri höküminde wasp etjekdir diýip sözlerine goşdy.